Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 14 jeňçini öldürdi


Pakistanyň harbylary howa zarbalarynda 14 jeňçini öldürendiklerini aýdýarlar.

29-njy awgustda çap edilen beýanatda harbylaryň owgan serhediniň golaýynda, demirgazyk-günbatar Pakistanda ýerleşýän jeňçileri nyşana alandygy aýdylýar.

Harby herekete demirgazyk Wazirstan tire sebitiniň Şawaý etrabynda, pakistan goşunynyň «Talyban» bilen 2014-nji ýylyň iýunyndan bäri darkaş gurýan ýerinde geçilipdir.

Emma bu aýdylýan sanlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilinmedi. Resmiler soňky hüjüm başlanaly bäri 2800-den gowrak jeňçiniň öldürilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG