Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da hytaýly, hindistanly köpelýär


ABŞ-nyň statistiki maglumatlaryna görä, Hytaýdan we Hindistandan Amerika gelýän migrantlaryň sany Birleşen Ştatlara gelýän iň kän millet toparlary bolan meksikanlaryň sanyndan hem aňry geçdi.

ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň statistiki maglumatlary 2013-nji ýylda Birleşen Ştatlara kanuny we bikanun esasda 1.2 million adamyň gelendigini, 147 müň adamyň Hytaýdan, 129 müň adamyň Hindistandan, 125 müň çemesi adamyň bolsa Meksikadan gelendigini görkezýär.

Hytaýdan we Hindistandan gelýänleriň köpüsi iş ýa-da okuw wizalary bilen gelýär, Meksikadan gelýänleriň köpüsinde beýle dokument bolmaýar.

XS
SM
MD
LG