Sepleriň elýeterliligi

ÝB krizisi çözmek üçin 'çäre' görmeli


Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa Ýewropa Bileleşigini barha möwjeýän migrasiýa krizisini çözmek üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy.

Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere, Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Cazeneuve, Britaniýanyň içeri işler sekretary Theresa May 30-njy awgustda bilelikde beýanat ýaýratdy, onda Ýewropa gelýän bosgunlary has gowy garşylamaga çagyrylýar.

Beýanatda ýyl aýagyna çenli Gresiýa we Italiýa ýaly ýerlerde «gyzgyn nokatlaryň» döredilmeginiň zerurdygy aýdylýar.

Bu nokatlarda migrantlaryň barmak yzlaryny alyp, olary hasaba almak üpjün edilmeli, bu iş häkimiýetlere goraga mätäç adamlary has çalt kesgitlemäge kömek berer.

Resmiler bu krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin gelýän iki hepde içinde ÝB-niň içeri işler we adalat ministrleriniň ýörite duşuşygyny geçirmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG