Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan aeroportunda 2 adam öldürildi


Ýaragly adamlar Pakistanyň bir kiçiräk aeroportuna hüjüm edip, iki inženeri öldürdiler, desganyň radar sistemasyny bolsa weýran etdiler.

Resmiler ondan gowrak awtomatiki ýaragly adamyň 30-njy awgustda Gwadar etrabynyň Jiwani aeroportuna çozandygyny aýdýarlar.

Gwadar Kwettanyň - Bulujystan welaýatynyň paýtagtynyň 1300 km çemesi günorta-günbatarynda ýerleşýär.

Resmiler bir adamyň öldürilip, ikinjisiniň ýaralanandygyny, bir inženeriň bolsa alnyp gaçylyp, soň öli tapylandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG