Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Molla Omaryň ölümi tassyklandy


"Talyban" hereketiniň lideri Molla Omara (çepde) degişlidigine ynanylýan surat.
"Talyban" hereketiniň lideri Molla Omara (çepde) degişlidigine ynanylýan surat.

31-nji awgustda “Talyban” hereketi bu toparyň lideri Molla Mohammad Omaryň ölüminiň gizlenendigini we onuň Owganystanyň aňtaw gulluklary tarapyndan öňe sürleni ýaly 2013-nji ýylda ölendigini tassyklady.

Gürrüňi edilýän söweşiji topar Molla Omaryň adyndan şu ýylyň iýul aýyna çenli beýanatlary ýaýratmagy dowam etdirýärdi. Şol bir wagtda Omar 2001-nji ýylda “Talyban” hereketi Kabuldaky häkimiýetden agdarylany bäri köpçülikde görünmeýärdi.

“Talyban” hereketiniň ýaýradan beýanatynda Molla Omaryň 2013-nji ýylyň 23-nji aprelinde heläk bolandygy mälim edilýär.

Beýanatda “Talyban” hereketiniň “ýokary derejeli geňeşiniň birnäçe agzasy” we dini alymlar Molla Omaryň ölümini “gizlemek we muny toparyň içindäki çäkli adamlara mälim etmek barada karara gelipdiler” diýilýär.

Şeýle-de, beýanatda bu kararyň kabul edilmegine NATO güýçleriniň 2014-nji ýylyň ahyryna Owganystandaky uruş missiýasyny tamamlajakdygyny yglan etmegi sebäp boldy diýilýär.

XS
SM
MD
LG