Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýilowa soňky sözünden mahrum edildi


Azeri žurnalisti Hatyja Ismaýilowa.
Azeri žurnalisti Hatyja Ismaýilowa.

31-nji awgustda azeri žurnalisti Hatyja Ismaýilowanyň sud işine seredýän kazy Ismaýilowany soňky sözünden mahrum etdi.

Ismaýilowa soňky sözünde özüne garşy ýöňkelýän töhmeti, salgyt galplygyny, bikanun biznes hereketini we wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalaryny özüniň derňew raportlaryny sem etmek üçin edilýän “hileli iş” diýip ýazgardy.

Sud diňlenişiginiň dowamynda Ismaýilowa Azerbýajanyň prezidenti Ylham Aliýewiň adyny tutandan soň, prokuror kazydan onuň soňky sözüni durdurmagy sorady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden Ismaýilowa özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary özüniň derňew raportlaryna syýasy ar alyş diýip atlandyrýar. Ismaýilowanyň derňew raportlary Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmileriniň, şol sanda prezident Aliýewiň arasynda bar diýilýän korrupsiýany öz içine alýar.

Ismaýilowanyň soňky sözüniň 31-nji awgustda diňlenmegi planlaşdyrylypdy.

XS
SM
MD
LG