Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistana çagyryş edýär


Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Susan Raýs (Susan Rice).

Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Susan Raýs (Susan Rice).

Birleşen Ştatlar Pakistany, Owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamaga ýardam bermäge çagyrýar.

Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Susan Raýs (Susan Rice) regiondaky howpsuzlyk meselelerini maslahat etmek üçin 30-njy awgustda Yslamabatda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we harby ýolbaşçysy Rahil Şarif (Raheel Sharif) bilen duşuşdy.

Maglumatlara görä, Raýs owgan we “Talyban” resmilerini 7-nji iýuldan bäri ilkinji gezek bir ýerde jemlemek üçin Pakistandan kömek soraýar.

Owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň ikinji tapgyry iýul aýynyň ahyryna ýatyrylypdy.

Bu aralykda, Raýs prezident Barak Obamanyň premýer-ministr Nawaz Şarifi resmi sapar bilen oktýabr aýynda Ak tama çagyrandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG