Sepleriň elýeterliligi

Budapeşt: stansiýa ewakuasiýa edildi


Budapeştiň esasy otly stansiýasy.

Budapeştiň esasy otly stansiýasy.

Budapeştde ýüzlerçe migrantyň Awstriýa we Germaniýa gitmek üçin otlulara münmäge synanyşmagy netijesinde, şäheriň easy otly stansiýasy ewakuasiýa edildi.

“Goşmaça maglumat berilýänçä, Keleti stansiýasyndaky otlularyň hiç biri ugramaz we stansiýa otly gelmez. Ähli adamlar stansiýanyň çägini terk etsinler” diýlip, 1-nji sentýabrda demirýol duralgasyndan edilen bildirişde bellenildi.

Bu çäre Budapeştiň polisiýasy ýüzlerçe migrantyň Wena we Mýunhene gidýän otlulara münmeginiň öňüni alandan soň amala aşyryldy.

Awstriýanyň paýtagty Wenanyň polisiýasy 31-nji awgustda diňe bir günüň dowamynda Wengriýadan şäheriň Westbahnhof otly duralgasyna 3 650 migrantyň gelendigini aýtdy.

Geçen aý aglabasy Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gelen 50 müň çemesi migrant Ýewropa Bileleşigine agza Wengriýa bardy.

XS
SM
MD
LG