Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimow: daşary ýurt harby bazasy döredilmez


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.

Özbek prezidenti Yslam Karimow öz ýurdunda haýsy-da bolsa bir daşary ýurt harby bazasyny döretmek mümkinçiliklerini inkär etdi.

1-nji sentýabrda Daşkentde Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny bellemek boýunça geçirilýän dabarada çykyş eden Karimow özbek ýaragly güýçleriniň daşary ýurtlarda geçiriljek islendik harby çärä hiç haçan gatnaşmajakdygyny hem aýtdy.

Karimow bu beýanaty, Birleşen Ştatlar Daşkendi “Yslam döwleti” atly topara garşy döredilen köpmilletli koalisiýa goşulmagy sorandygyny mälim etmeginden bäş gün soň ýaýratdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň resmileri halkara güýçleriniň Owganystany terk edendigine garamazdan, Germaniýanyň harbylarynyň Özbegistanyň Termez şäherindäki howa bazasyny ulanmagy dowam etdirjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG