Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamada üç adam öldi


Pakistanda janyndan geçen bombaçy ýerli hökümet binasynyň daşynda özüni partlatdy. 1-nji sentýabr, 2015 ý.

Pakistanda janyndan geçen bombaçy ýerli hökümet binasynyň daşynda özüni partlatdy. 1-nji sentýabr, 2015 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda janyndan geçen bombaçy ýerli hökümet binasynyň daşynda özüni partlatdy. Hüjümiň netijesinde azyndan üç sany adam öldi we başga-da 50-den gowragy ýaralandy.

1-nji sentýabrda Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Haýber etrabynyň Jamrud sebitine edilen bu hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistanyň Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Haýber sebitiniň ýokary derejeli administrasiýa resmisi Şahab Ali Şah “AFP” habar gullugyna beren maglumatynda ölenleriň we ýaralananlaryň arasynda polisiýa işgärleriniň hem bardygyny aýtdy.

Jamrud Pakistanyň durnuksyz Haýber Puhtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşawaryň demirgazyk-günbataryndan 25 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG