Sepleriň elýeterliligi

Gürji daşary işler ministri wezipesinden boşadyldy


Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili ýurduň daşary işler ministrini wezipesinden boşatdy we onuň deregine ykdysadyýet ministrini belledi.

Garibaşwili 1-nji sentýabrda garaşylmadyk ýagdaýda ýurduň daşary işler ministri Tamar Beruçaşwiliniň deregine ykdysadyýet ministri Giorgi Hirikaşwiliniň bellenendigini mälim etdi.

Şeýle-de, ol 2014-nji ýylyň noýabr aýynda wezipä bellenen Beruçaşwilä “eden üstünlikli işleri üçin” minnetdarlyk bildirdi.

“Hökümet ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine we iş orunlarynyň döredilmegine üns berýär. Bu hem biziň daşary syýasatymyzyň we içerki ykdysadyýetimiziň gün tertibini kesgitleýär” diýip, gürji premýer-ministri belledi.

XS
SM
MD
LG