Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýylowa 7,5 ýyl kesildi


Baku sudunyň öňi.
Baku sudunyň öňi.

Bakuwyň sudy derňew žurnalisti Hatyja Ismaýylowany ençeme aýyplamada günäli tapdy. Şol bir wagtda bu aýyplamalar halkara hukuk goraýjy toparlary tarapyndan Ismaýylowanyň Azerbaýjanyň ýokary derejeli hökümet resmileriniň arasynda bar diýilýän korrupsiýa bilen baglanyşykly ýazan rapoartlaryna syýasy maksatly ar alyş diýip tankyt edildi.

1-nji sentýabrda Bakuwyň sudy Ismaýilowany töhmet maglumatlary ýaýratmakda, salgyt galplygynda, bikanun biznes hereketinde we öz wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapandan soň, ony 7,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden we azeri prezidenti Ylham Aliýewi we beýleki hökümet resmilerini öz içine alýan korrupsiýa barada raportlary taýýarlan Ismaýylowa özüne garşy çykarylan karary ret edip, ony “hile” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG