Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ismaýilowa 7,5 ýyl berildi


Hatyja Ismaýilowa
Hatyja Ismaýilowa

Bakuwyň sudy derňeýji žurnalist Hatyja Ismaýilowa ny dürli aýyplamalar esasynda 7,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Hatyja ýöňkelýän aýyplamalary tankyt edip, oňa bellenen bu jeza çäresiniň Hatyjanyň žurnalistiki işi bilen baglydygyny aýdýarlar.

1-nji sentýabrda suduň gelen kararynda onuň salgyt gaçakçylygynda, bikanun iş edenlikde we öz ygtýyarlyklaryndan bikanun peýdalananlykda günäli tapylandygy habar berildi.

Azarbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň we beýleki ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylarynyň korrupsiýa bulaşandygyklaryny görkezýän žurnalistiki derňeýji işleri alyp baran Iasmaýylowa, bu aýyplamalary ret edip, bu jeza çäresiniň özüni dymdyrmak üçin berilýändigini aýtdy.

Ol 31-nji awgustda sudda eden soňky çykyşynda Azerbaýjanyň hökümetini repressiýa guraly hökmünde häsiýetlendirdi. Çykyşy kesilmezden ozal ol sudda sözlän sözünde öz alyp baran derňew işleriniň Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň ýurduň býujetini isrip edýändigini we bu urdum-şalykdan iň köp gazanç edýäniň hem hut prezidentiň öz maşgalasydygyny aýtdy.

Ol prezidentiň maşgalasynyň ýurduň baýlygyny ogurlap, dürli bank hasaplarynda goýýandygyny, olaryň kontraktlarda dürli galp ýollara baş goşup, ýurduň baýlygyndan bikanun peýdalanýandygyny we salgytdan boýun gaçyrýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ismaýilowa 31-nji awgustda sudda eden çykyşynda aýratynam hakyky žurnalistleriň ýurtda bolup geçýän şeýle wakalaryň üstüni açmagy dowam etdirjekdigine ynanýandygyny nygtady.

“Meniň türmä salynmagym mümkin, emma iş dowam eder” diýip, ol şol çykyşynda aýtdy.

Bu sud diňlenişigi bilen baglylykda Bakuwyň sudy bolaýmagy mümkin protest aksiýalarynyň öňüni almak üçin, öňünden berk howpsuzlyk çärelerini gördi.

Şol çäreleriň çäginde 1-nji sentýabrda suduň binasynyň golaýynda ýerleşýän hususy çaýhana ýapyldy, şol çaýhana Ismaýilowa nyň tarapdarlarynyň duşuşýan ýeri diýlip hasaplanýardy.

31-nji awgustda Ismaýilowa garşy iş kesilmegi mümkin diýen howsala sebäpli, onuň tarapdarlaryndan 100-e golaý adam agzalýan çaýhananyň töweregine jemlenipdi.

Ismaýilowa bilen baglanyşykly bu waka adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan Azerbaýjanyň hökümetiniň öz garşydaşlarynyň sesini basyp ýatyrmak üçin elinden gelenini aýamajagyny görkezýän bir ýagdaý hökmünde häsiýetlendirilýär.

Geçen ýylam edil şeýle aýyplamalar bilen Azerbaýjanda onlarça žurnalist we aktiwist tussag edilipdi. Olara garşy edilýän bu basyşlara Azerbaýjanda hökümetiň garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin alnyp barylýan uly möçberli kampaniýa diýip baha berilýär.

Aliýew 2003-nji ýyldan bäri Azerbaýjany dolandyrýar, ondan ozal ýurda Aliýewiň kakasy Geýdar Aliýew ýolbaşçylyk edipdi.

XS
SM
MD
LG