Sepleriň elýeterliligi

Kiýew çaknyşygyndaky ikinji harby öldi


Ukrain parlamentiniň öňünde ýurduň Milli gwardiýasyna we polisiýasyna granat oklan adam. 31-nji awgust, 2015 ý.

Ukrain parlamentiniň öňünde ýurduň Milli gwardiýasyna we polisiýasyna granat oklan adam. 31-nji awgust, 2015 ý.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow ýurduň milli gwardiýasynyň 31-nji awgustda parlamentiň daşynda geçen protestde granat partlanda ýaralanan ikinji agzasynyň hem ölendigini habar berdi.

Awakowyň 1-nji sentýabrda Twitterde habar bermegine görä, Dmitriý Slastikow "granat partlamagy" netijesinde ölüpdir.

31-nji awgustda parlament jaýynyň öňünde bir el granatynyň partladylmagy sebäpli milli gwardiýanyň 24 ýaşly agzasy Ihor Debryn ölüp, 90-dan agdyk adam ýaralandy.

“Iň ýowuz syýasy waka”

Milletçiler tarapynda gurnalyp, parlamentiň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere köpräk awtonomiýa bermek baradaky kanun taslamasyny maslahatlaşanda turan protest, kanun çykaryjylaryň bu reformany oňlandygy belli bolansoň, ganly çaknyşyga ýazdy.

Bu 2014-nji ýylyň fewralynda Euromaýdanda geçip, prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýurtdan kowulmagyna getiren protestlerden bärde Kiýewde ýüz beren iň ýowuz syýasy wakadyr.

Häkimiýetler syýasy ýaranlyk bolan "Swoboda" we milletçi "Radikal" partiýalaryň agzalaryndan ybarat demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk turanda "Swoboda" degişli bir adamyň üýşüp duran gwardiýaçylaryň arasyna el granatyny taşlandygyny aýdýarlar.

Bu işde güman edilýän 27 ýaşly Ihor Gumanýuk.

“Orsýete boýun...”

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä Gumanýuk bilen birlikde 30 töweregi adam tutulypdyr. Olaryň 18-i häzir tussaglykda.

Parlament kanun taslamasyny oňlanyndan soň demonstrantlar kanun çykaryjylary "Orsýete boýun egenlikde" aýypladylar.

2015-nji ýylyň fewralynda atyşyklary bes etmek barada Minskde gelnen ylalaşykda Kiýewiň öz üstüne alan borçnamasyna laýyklykda parlamenti ses berişlige çagyryan prezident Petro Poroşenko.

Prezident Poroşenko 31-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda agzalýan ýowuz hereketi arkadan urlan hanjar diýip atlandyrdy.

“Ukraina garşy hereket”

Poroşenko "Bu Ukraina garşy bir hereket. Şol sebäpden ony gurnanlaryň bary, syýasy güýçleriň ähli jogapkärleri berk jezalandyrylmaly" diýdi.

140-dan agdyk adamyň, şol sanda howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň hem ýaralanyp keselhana düşmegine getiren bu zorlukda premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk aşa milletçileri günäkaärledi.

Ol telewideniýede milletçi protestçiler gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlerden hem "erbet" boldular diýdi.

Onuň aýtmagyna görä, öz gazaply hereketlerini aklap, onuň üstüni "watançylyk bahanasy" bilen örtjek bolýan - protestçiler.

Dünýäniň güýçli döwletleri, şol sanda Birleşen Ştatlar, Germaniýa, Orsýet we Ýewropa Bileleşigi ukrain parlamentiniň öňünde bolan gazaply hereketleri ýazgardylar.

Halkara güýçleriniň araçylygy bilen Kiýew hem-de separatistlerdir Orsýet tarapyndan gol çekilen ylalaşyk özara atyşyklaryň bes edilmegine getirdi. Şeýle hem onda gündogar Ukrainadaky konflikte syýasy çözgüt tapmagyň ugurlary kesgitlenýär.

XS
SM
MD
LG