Sepleriň elýeterliligi

Şu gün, ýagny 1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze okuw ýyly başlandy. Bu gün mynasybetli Aşgabadyň mekdeplerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin okuwçylaryň ir bilen mekdebiň meýdançasyna üýşüşip başlandygy habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde Aşgabadyň Parahat-7 kiçi etrapçasynda ýaşaýan mekdep okuwçylary bolsa, paýtagtyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan okuwçylara garanda, birneme has hem ir turup, mekdebe tarap ýola düşene meňzeýär.

Sebäbi bu sebitde, ýagny takmynan 20-30 müň ilatly Parahat-7 kiçi etrapçasynda ýekeje hem mekdebiň ýokdugy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG