Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Budapeşt: migrantlar protest geçirdi


Budapeştiň Keleti stansiýasynda polisiýa migrantlara we bosgunlara gözegçilik edýär. 1-nnji sentýabr, 2015 ý.
Budapeştiň Keleti stansiýasynda polisiýa migrantlara we bosgunlara gözegçilik edýär. 1-nnji sentýabr, 2015 ý.

Germaniýada we Ýewropanyň beýleki günbatar ýurtlarynda gaçybatalga almaga synanyşýan ýüzlerçe migrant Budapeştiň esasy halkara demirýol stansiýasynyň öňünde protest geçirdi.

2-nji sentýabrda Keleti demirýol terminalynyň öňündäki ýüzlerçe migrant: “Biz näme isleýäris? Parahatçylyk! Bize näme gerek? Parahatçylyk!” diýip gygyrdylar.

1-nji sentýabrda Budapeştiň polisiýasy demirýol stansiýasyny böwetläp, talabalaýyk wizasy bolmadyk islendik adamyň duralga girmegini gadagan edensoň, 2 müňden gowrak migrant stansiýanyň golaýynda çadyr gurup, gijesi bilen şol ýerde galdy.

Wengriýanyň hökümetiniň metbugat wekili: “Ýewropa Bileleşiginiň çäginde bikanun migrantlar diňe talabalaýyk dokumentleri bolanda we Ýewropa Bileleşiginiň düzgünlerini berjaý edende öz syýahatlaryny dowam etdirip bilerler” diýdi.

Wengriýa diňe awgust aýynyň çäginde 50 müň çemesi migrant bardy.

XS
SM
MD
LG