Sepleriň elýeterliligi

Hüseýin Pakistan-Hytaý gatnaşygyna gowy baha berdi


Pakistanyň prezidenti Mamnun Hüseýin (çepde) we Hytaýyň prezidenti Sin Jinping.

Pakistanyň prezidenti Mamnun Hüseýin (çepde) we Hytaýyň prezidenti Sin Jinping.

Pakistanyň prezidenti Mamnun Hüseýin (Mamnoon Hussain) özüniň hytaý kärdeşi Sin Jinping (Xi Jinping) bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Pakistany we Hytaýy “demir doganlar” diýip häsiýetlendirdi.

2-nji sentýabrda Pekinde geçirilen gepleşikleriň çäginde çykyş eden Hüseýn “Zarb-e-Azb” diýlip atlandyrylýan terrorçylyga garşy operasiýalar “biziň ýurdumyzdan terrorizmi kökünden ýok etmekde örän üstünlikli boldy” diýdi.

Hüseýiniň pikirine görä, “Gündogar Türküstan Yslam hereketiniň” (GTYH) tas ähli agzasy Pakistandan çykarylypdyr. “Eger-de olaryň käbirleri bar bolsa-da, onda olaryň sany gaty azdyr” diýip, Hüseýin belledi.

“Gündogar Türküstan Yslam hereketi” Pekiniň ýurduň Sinjiang regionyndaky kontrollygyna garşy çykyş edýär. Bu regionda türk musulman uýgurlarynyň azlygy ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG