Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Soýuz” raketasy kosmosa uçuryldy


“Soýuz” raketasy
“Soýuz” raketasy

Üç astronawtly “Soýuz” atly raketa Halkara kosmos stansiýasyna uçuryldy.

Kosmos gämisinde orsýetli kosmonawt Sergeý Wolkow, gazagystanly Aýdyn Aýmbetow we daniýaly Andreas Mogensen bolup, ol 2-nji sentýabrda Russiýanyň Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy.

Russiýanyň kosmos gullugy “Roskosmosdan” Wolkow öz kakasynyň yzyny yzarlaýar. Onuň kakasy mundan 24 ýyl ozal kosmosa uçupdy.

Aýbetow kosmosa uçan üçünji gazagystanlydyr. Ol iýun aýynda kosmosa uçmak missiýasyndan çykarylan 54 ýaşly britan aýdymçysy Sarah Braýtmanyň (Sarah Brightman) deregine kosmosa uçdy.

Ýewropanyň kosmos gullugyndan Mogensen kosmosa uçan ilkinji daniýalydyr.

XS
SM
MD
LG