Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: üç polisiýa ofiseri öldi


Pakistandaky ok atyşykda ýaralanan polisiýa ofiseri. 2-nji sentýabr, 2015 ý.
Pakistandaky ok atyşykda ýaralanan polisiýa ofiseri. 2-nji sentýabr, 2015 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky bir öýde gizlenen ýaragly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ok atyşykda azyndan üç polisiýa ofiseri öldi we başga-da alty sanysy ýaralandy.

Pakistanyň ýokary derejeli polisiýa ofiseri Mian Saidiň aýtmagyna görä, ýaragly adamlar ot açan mahaly, polisiýa Peşawar şäheriniň çetindäki Urmar Paýan obasynda öýme-öý aýlanyp, gözleg işlerini geçirýärdi.

2-nji sentýabrdaky bu hüjüm ok atyşygyň döremegine sebäp boldy. Bu wakada ýaragly adamlaryň biri öldürildi, emma galanlary sebitden gaçyp gitdiler.

Polisiýa gürrüňi edilýän öýden “minomýotlary we beýleki partladyjy serişdeleri” tapdy.

Saidiň sözlerine görä, ýaragly adamlaryň söweşiji ýa-da jenaýatçy bolup-bolmandygy barada henize çenli takyk maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG