Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Dronly hüjümde baş şübheli söweşiji öldi


Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar sebitinde Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň hüjüminde söweşiji diýlip güman edilýän bäş adam öldi we başga-da dört sanysy ýaralandy.

Pakistanyň howpsuzlyk resmilerindäki we tire-taýpa wekillerindäki çeşmeleriň berýän maglumatynda 1-nji sentýabrda edilen dronly hüjümde iki raketanyň uçurylandygy we Dattaheldäki daşary ýurt söweşijileri diýlip güman edilýänleriň birikmesini baryp urandygy aýdylýar.

Demirgazyk Waziristan 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri “Al-Kaýda” we “Talyban” hereketleriniň toparlanyşan ýerine öwrüldi. Bu sebit žurnalistlere ýapyk bolany sebäpli ölenleriň sanyny we şahsyýetini garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmaýar.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky serhet regionynda eýýäm ençeme ýyl bäri Amerikanyň pilotsyz uçarlary “Al-Kaýda” hereketiniň we beýleki yslamçy toparlaryň söweşijilerini nyşana alýar. Emma soňky aýlarda bu dronly hüjümleriň gerimi güýçlendi.

XS
SM
MD
LG