Sepleriň elýeterliligi

Ol döredijilik üstünligi hem ýeten beýik derejesi bilen ençeme pikir-garaýşy, dürli bahanalary ýalana çykardy. Bu ýylyň çakdan aşa yssy gelen tomsunda edebiýat hem sungat işgärleri onuň ýeten üstünligini ýaňadan belläp geçdiler. Dünýä belli ýazyjy Joan Rowliň 50 ýaşady.

Dörediji adamlaryň arasynda hiç biri J.K. Rowliň ýaly uly şöhrata hem ägirt uly baýlyga eýe bolmandy.

Güzapdan güzaba

Bu şöhratly ýol örän agyr şertlerden başlanypdy. Joan Rowliň özüni dünýä meşhur eden “Garri Potter” romanynyň başky bölümlerini ýazmaga girişende, ejesi aradan çykdy. Onuň üstesine adamsy aýrylyşdy, ol bir çaga bilen ýeke galdy.

Ýaşamak hem işlemek ukybyny ýitirip, özünden kiçi aýal doganynyň ýanyna geldi. Agyr ruhy çökgünlik keseline ýolukdy, janyna kast etmek derejesine baryp ýetdi. Şol umytsyz halda-da işledi, eser döretjek bolup jan çekdi. Ol işsizlere berilýän social kömege mätäç boldy.

“Garri Potteriň” birinji kitaby taýýar bolanda, ony çap edäýjek neşirýat tapylmady. Ahyrynda bir edebiýat agentiniň ýardamy bilen neşir edildi.

Kitabyň neşiri bary-ýogy müň sany bolup, onuň deň ýarysy çagalar kitaphanalaryna dargadylypdyr. Awtora öňünden 1500 funt berlipdir. Häzir şol neşirden bir kitabyň bahasy 16-25 müň funt aralygynda durýar.

“Garri Potteriň” beýik ýoly

Nähilem bolsa eseriň gymmady edebi tankydyň nazaryna ilipdir. Edebi tankyt ýazyjynyň ukybyny hem mümkinçiliklerini görüp bilipdir. Şondan soň “Garri Pottere” bolan gyzklanma başlanýar hem onuň ýaňadan çap edilmegi üçin, awtora uly möçberde galamhaky, ýagny 105 müň dollar teklip edilýär.

Şondan soňra bu romanyň ikinji, üçünji kitaplary peýda bolup, ýüzugra uly meşhurlyk gazandy. Gysga wagt içinde “Garri Potteriň” satyn alnyşy görülmedik derejelere baryp ýetdi.

Bu waka “ýaşlaryň kitaba bolan höwesi ýitdi, kitabyň ornuny dürli komputer oýunlary hem çeper filmler eýeleýär, indiden soň ýaşlar kitap okamazlar” diýen pikirleriň güýçlenen döwrüne gabat geldi.

Romanyň soňky, jemleýji 7-nji tomy 2007-nji ýylyň 21-nji iýulynda, ABŞ-da hem Beýik Britaniýada, şeýle-de käbir ýurtlarda ýerli wagt bilen gijäniň ýaryndan soň satuwa çykarylmaly edildy. Ýaşlar kitap satyn almak üçin, gije nobata durdular. Bir günüň özünde 11 million kitap satyn alnypdyr. Bu kitap söwdasyndaky görülmedik, ägirt beýik dereje hasaplanýar.

Roman 325 million sanda çapdan çykdy hem dünýäniň 65 diline dolulygyna ýa-da bölekleýin terjime edildi.

Bu roman esasynda surata düşürilen filmler tapgyry hem örän uly meşhurlyk gazandy. Ol awtora hem filmi döredijilere ummasyz baýlyk getirdi.

Soňky işleri

J.K. Rowliň bir ylham, bir uly iş bilen ömrüni jemlemedi. Häzir ulular üçin dedektiw romanlary ýazýar. “Tötänleýin orun”, “Ikatýoklaryň çagyryşy” hem “Ýüpek gurçugy” romanlary peýda boldy. Awtor öňki şöhratyna duwlanmazlyk üçin, özüne Robert Galbraýt lakamyny aldy. Bary bir ol romanlary kimiň ýazandygyny okyjylar ýüzugra bildiler.

Baýlyk hem ynsanperwerlik

“Garyplykdan çykyp baýanlar soňra gysganç bolýarlar” diýen gürrüň bar.

Forbes žurnaly Rowliňi kitap ýazyp, dollar hasabyndan millarder bolan ilkinji ynsan diýip yglan edipdi. Soňra bolsa bu žurnal onuň ägirt köp puly haýyr-ýardam işlerine harç edip, milliardlyk derejesinden, millionerlige düşendigini aýtdi. Şeýle-de bolsa, ol dünýädäki iň baý adamlaryň sanawynda durýar. Onuň puly azalsa-da, at-abraýy barha beýgelmek bilen. J.K. Rowliň ençeme edebiýat baýragyna, şol sanda H.K. Andersen baýragyna mynasyp boldy. Oňa 35 ýaşynda Britan imperiýasynyň kawaleri ordeni berildi.

Bolmajak işleri bitirip bilen bu zenan häzir çeper edebiýatyň dürli ugrularynda uly döredijilik hyjuwy bilen iş alyp barýar. Onuň iki gyzy hem bir ogly bar.

- Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG