Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Sanksiýalar Orsýeti Hytaýa ýakynlatdy


Pekin, rus prezidenti W.Putin (Çepde) Hytaýyň premýeri Li Kekiaň bilen duşuşýar. 2-nji sentýabr, 2015 ý.
Pekin, rus prezidenti W.Putin (Çepde) Hytaýyň premýeri Li Kekiaň bilen duşuşýar. 2-nji sentýabr, 2015 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Pekine iki günlük saparynyň öňünden beren interwýusynda Günbataryň Orsýete garşy girizen sanksiýalary rus kärhanalarynyň öz ýüzüni Hytaýa tarap öwürmeklerine kömek etdi diýdi.

"Bu ýagdaý biziň ýurt içindäki kärhanalarymyzy Hytaý bilen durnukly biznes aragatnaşygyny gurmaga hyjuwlandyrýar» diýip, Putin 1-nji senýabrda Orsýetiň TASS, Hytaýyň «Sinhua» habar gulluklaryna beren interwýusynda aýtdy.

"Hytaý 2010-njy ýyldan bäri Orsýetiň esasy söwda partnýory boldy. 2014-njy ýylda, dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz tendensiýalara garamazdan, bize öz haryt dolanyşygymyzyň ýeten derejesini saklamak başartdy, ol $88.4 milliard töweregine ýetdi" diýip, Putin aýtdy.

Putin şu ýyldaky söwdanyň möçberini aýtmady, ýogsa ol, Blumberg habar gullugynyň Orsýetiň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna esaslanyp ýazmagyna görä, ýylyň birinji ýarymynda 29 prosent aşak gaçdy.

Bu peseliş Hytaý bilen Orsýetiň 2015-nji ýylda göz öňünde tutulýan 100 millard dollarlyk möçbere ýetjegine şübhe döredýär.

Putin Pekine edýän saparynyň dowamynda, 2-3-nji sentýabrda 30-a golaý ikitaraplaýyn dokumentiň we biznes şertnamasynyň ara alnyp maslahatlaşyljagyny aýtdy.

Ýokary tizlikli otly gatnawy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz eýýäm Moskwa bilen Kazanyň arasyndaky ýokary tizlikli otly ýoluny gurmagy bilelikde maliýeleşdirmegiň umumy çäkleri barada ylalaşyga geldik, biziň hytaýly partnýorlarymyz we özümiz tarapyndan maýa ýatyryljak gurluşygyň bahasy 1 trillion rubldan geçýär» diýip, ol aýtdy. Rus-hytaý transport we infrastruktura proýektiniň modeli bolmaly täze ýoluň 2020-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

Şeýle-de Putin bu iki ýurduň aýerokosmiki we raketa-kosmos senagatlaryndaky hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Hytaý bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyk etjek beýleki ugurlary ylym, tehnologiýa, maliýe bolar diýip, ol aýtdy we iki ýurduň hem söwda hasaplaşyklaryny Birleşen Ştatlaryň dollarynda däl-de, öz milli pullarynda amala aşyrmagy ýola goýmak ugrunda işleýändigini nygtady.

Dünýä boýunça nebit ýaly harytlary satmak, adatça, Birleşen Ştatlaryň dollarynda amala aşyrylýar we bu ýagdaý dollaryň dünýä ýüzünde esasy rezerw pul birligi hökmündäki durumyny güýçlendirýär. Emma indi Orsýet we Hytaý bu ýagdaýy üýtgetmäge çalyşjagyny aýdýar.

Putin 2-nji sentýabrda Hytaýyň premýer Li Kekiaň bilen duşuşanda, esasy gürrüň söwda we ykdysady meseleler barada bolar diýip, Kremliň syýasy geňeşçisi Ýuriý Uşakow Moskwada žurnalistlere aýtdy.

Ol iki lideriň Pekiniň Gündogar-Günbatar Ýüpek ýoly söwda ugry bilen Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady bileleşigini biri-birine baglamak barada hem maslahat etjegini aýtdy.

Bu programmalaryň ikisiniň merkezinde hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek meselesi dur we şol ýurtlaryň käbir liderleri hem şu hepde Hytaýdaky duşuşyklara gatnaşýar.

Putiniň sözlerine görä, Hytaý Orsýetiň Uzak Gündogar sebitine maýa ýatyrmak bilen hem gyzyklanýar.

Iki tarap Orsýetiň we Hytaýyň Harbin we Wuhan şäherlerinde iki ýurduň konsullyklaryny açmak baradaky ylalaşyga hem gol çeker.

3-nji sentýabrda Ikinji Jahan Urşunyň soňlanmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan harby parada gatnaşanlaryndan we Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň tarapyndan guralan kabul edişlikden soň, Putin Wenezuelanyň, Laosyň, Çeh respublikasynyň ýatlama çärelerine gatnaşmak üçin Pekine gelen prezidentleri bilen hem duşuşar diýip, Uşakow aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG