Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fahmida Riazyň "Ýasyn süresi"


Fahmida Riaz
Fahmida Riaz

Fahmida Riazyň “Çadyr we dört diwar” goşgusynda öz meýliniň garşysyna, mejbury ýagdaýda gara çadyr geýýän, dört diwardan daşa çykarylmaýan zenanlaryň ýürek telwasy, aýdyp bilmeýän sözleri aýdylýar.

Ol “bu gara çadyr nämä derkar, men bu sylaga näme üçin mynasyp boldum, ýa muny başyma örtüp, dünýä güjeňlär ýaly, men ýas tutýanmy, ýa men bir tüm içinde, gizlinlikde saklanmaly dertmi, keselmi?” diýip soraýar.

Mohtarama Fahmida Riaz (1946) häzirki zamanyň iň tanymal urdu şahyrlarynyň biri hasaplanýar. Şahyrlygynyň, ýazyjylygynyň daşyndan ol çeper terjime bilen hem meşgullanýar we Jelaleddin Rumynyň mesnewilerini parsçadan, Şah Abdul Latif Bhitaýyň, Şeýh Aýazyň işlerini sindh dilinden urdu diline ilkinji bolup terjime edenleriň biri boldy.

Fahmida Hindistanda, häzirki zaman sindh magaryf sistemasynyň döredilmegine uly täsir ýetiren Riaz-ud-Din Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Emma ol dört ýaşyndaka kakasyny ýitirýär.

Fahmidanyň ilkinji goşgular ýygyndysy kollež ýyllarynda we pakistan radiosynda diktor bolup işleýän döwründe ýazylýar. Emma ol kolleži gutaranda, maşgalasynyň yrmagy netijesinde, Angliýada ýaşaýan birine durmuşa çykýar. Ýöne ol birnäçe ýyldan aýrylyşyp, yzyna -Pakistana dolanyp gelýär. Ol Angliýada ýaşan wagty BBS-niň Urdu bölüminde işläp, kinorejissýorluk derejesini alýar.

Fahmida urdu dilinde öz «Awaz» neşirini açýança Karaçide reklama gullugynda işleýär. Ol çepçi syýasatçy Zafar Ali Ujana durmuşa çykýar. “Awaz” öz liberal we syýasy mazmuny bilen derrew Ziýa režiminiň gözüne ilýär we Fahmida bilen adamsy ençeme gezek aýyplamalara sezewar bolýar. Ahyrynda olaryň žurnaly ýapylýar, Zafar türmä basylýar, Fahmida bolsa, türmä basylmazynyň öň ýanynda, çaglaryny alyp, Hindistana gaçýar. Soň türmeden boşan adamsy hem aýalyna goşulýar. Fahmida ol ýerde ýedi ýyl bosgunlykda ýaşap, diňe Benazir Bhuttanyň toýunyň öň ýany Pakistana dolanyp gelýär.

Ilkinji goşgulary 15 ýaşynda çap edilen, 22 ýaşynda ilkinji goşgular ýygyndysy çykan Fahmida edebiýatdaky göreş, garşy duruş ýoly üçin ençeme baýraga, şol sanda «Human Rights Watch» guramasynyň Hemmet Hellman baýragyna, Al Muftah baýragyna, Sindh hökümetiniň Şeýh Aýaz baýragyna, Pakistanyň prezidentiniň edebi baýragyna mynasyp bolýar.

Fahmida, erkekleriň agalyk edýän jemgyýetindäki syýasy we sosial adalatsyzlyklara garşy ýazylan duýguçyl eserleri bilen, Pakistandaky feminist göreşiniň hem tanymal wekili hökmünde tanalýar.

Meşhur urdu şahyrasy Fahmida Riazdan bir goşgynyň, garaňkyda öz ýoluny gözleýän zenanyň duýgularyny beýan edýän eseriň iňlisçeden terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürleýäris.

Ýasyn süresi

Gara gije, gabrystan deý ümsümlik,
tüm içinde, gap-garaňky ýodadan
haýdap barýan aýaklarma eýermän,
ýeke-ýalňyz, bedibagt aýal men.

Ýeňseden eşidýän aýak sesini,
Bilýän, biri galman gelýär yzymdan.
«Öýüm, ojajygym, neneň taparyn?» -
pyşyrdaýan ysgyn gaçyp dyzymdan.

Bokurdagym gurap, ýürek howlaýar,
pikir edýän, meger, ýitirdim ýolum.
Diýýän bu ýol meniňki däl, biribar,
ine, bu köçeler bellikli, mälim,
o köçäniň bolsa ady-sory ýok,
menzil yza menzil, tutulýar demim,
bu öýleň birinem tanap bilemok.

Onda hatda ýarymaý-da sarymtyk,
garaňkyň içinde gizlendi daşda.
Indi munda hiç zat galmady artyk,
gorkup ysmaz bolan dilimden başga.

Ýene bir galan zat, aýakdan alyp,
aňsat sypdyrmajak erjel hem ýeser,
öýjük-öýjük, damar-damar yzarlap,
süýr depäme galyp barýan sowuk der...

XS
SM
MD
LG