Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Instagramda” hat alyşmak aňsatlaşdy


“Instagramda” hat alyşmak aňsatlaşdy
“Instagramda” hat alyşmak aňsatlaşdy

Suratlary paýlaşmak üçin niýetlenen “Instagram” sosial ulgamy ulanyjylaryň birek-biregi bilen söhbet etmegi üçin 2013-nji ýyldan başlap “direct message”, ýagny “göni hat ugratmak” funksiýasyny köpçülige hödürläpdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar özleriniň suratlaryny islendik birine ugradyp, şol suratlaryň aşagyndan hem hat alyşyp bilýärdiler.

“Instagram” indi ulanyjylaryň birek-biregi bilen hat alyşmagyny has-da aňsatlaşdyrdy. Ýagny mundan beýläk Instagramda görýän suratlaryňyzy aňsatlyk bilen islendik dostuňyza ugradyp bilersiňiz. Sebäbi “Istagramda” indi suratlaryň aşagynda “like” ýa-da “halamak”, “teswir ýazmak” bölümleri bilen birlikde “paýlaş” bölümi hem ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, bu bölüme basyp, suraty ugratmak isleýän dostuňyzyň adyny saýlarsyňyz we ony dostuňyza ugradyp, bu barada söhbet hem edip bilýärsiňiz. Şol bir wagtda suraty birnäçe adama ugradyp, bir topar döredip, şol ýerde söhbet edip, toparyňyza at hem goýup bilersiňiz.

Mundan ozal, ulanyjy öz dostuny suratyň aşagynda bellige almaly bolýardy ýa-da tutuş ekranyň suratyny düşürip, ony “WhatsApp” ýa-da beýleki programmalardan öz ugratmaly bolýardy.

Sosial ulgamyň ulanyjylary bu funksiýadan peýdalanmak üçin “Instagram” programmasyny täzelemelidirler.

XS
SM
MD
LG