Sepleriň elýeterliligi

Migrant krizisi maslahatlaşyldy


Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz (sagda) we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban (çepde).

Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz (sagda) we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban (çepde).

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Ýewropadaky adamlaryň “gorky astyndadygyny”, sebäbi olaryň liderleriniň Ýewropa Bileleşigine gelýän migrantlary “kontrol edip bilmeýändigini” aýtdy.

3-nji sentýabrda Brýusselde Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz bilen gepleşikleri geçirenden soň çykyş eden Orban migrant krizisi Ýewropanyň däl-de, “Germaniýanyň problemasydyr” diýdi.

“Hiç kimiň [migrantlaryň] Wengriýada galasy gelenok. Biziň işimiz diňe olary hasaba almakdan ybaratdyr” diýip, Orban belledi.

Orban bu baradaky sözlerini, 1-nji sentýabrdan bäri Budapeştde azyndan 2 müň migrant Awstriýa we Germaniýa gitmekden saklanandan soň mälim etdi.

XS
SM
MD
LG