Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwist separatizmde aýyplanýar


3-nji sentýabrda Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar regionynda orsýetli aktiwist internetde ekstremizmi we separatizmi propaganda etmekde aýyplanyp, sud edilýär.

Darýa Polýudowa 2014-nji ýylyň awgust aýynda Russiýada internetde separatizme çagyryş etmegi jenaýatlaşdyrýan kanun esasynda aýyplanan ilkinji raýat bolupdy. Gürrüňi edilýän kanun geçen ýylyň maý aýynda kabul edilipdi.

26 ýaşly Polýudowa internetde çap eden maglumatynda Moskwanyň Ukrainany federalizasiýalaşdyrmak barada eden yzygiderli çagyryşlaryna gaýtawul hökmünde “Kubany federalizasiýalaşdyrmagy” talap edip ýöriş geçirmäge çagyrdy.

Kuban – bu Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky, şol sanda Krasnodardaky birnäçe regionynyň atlandyrylyşynyň başgaça görnüşidir.

XS
SM
MD
LG