Sepleriň elýeterliligi

UNICEF: 13 million çaga bilim almakdan mahrum


Liwandaky siriýaly bosgunlar.

Liwandaky siriýaly bosgunlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çaglar fondy (UNICEF) Ýakyn Gündogardaky konfliktiň 13,7 million çagany bilim almakdan mahrum edýändigini aýdýar.

UNICEF-iň 3-nji sentýabrda ýaýradan raportynda bu görkezijiniň Siriýadaky, Yrakdaky, Ýemendäki, Liwiýadaky we Sudandaky mekdep ýaşly çagalaryň 40%-i çemesini öz içine alýandygy bellenilýär.

Şeýle-de, hasabatda konfliktleriň geriminiň güýçlenmegi netijesinde, öňümizdäki aýlarda bu görkezijiniň 50%-e çenli artyp biljekdigi hem nygtalýar.

“Bilim ot astynda” ady bilen ýaýradylan bu raportda Siriýadaky, Yrakdaky, Ýemendäki we Liwiýadaky 9 müňe golaý mekdebiň ulanyşdan galandygy mälim edilýär.

2014-nji ýylda UNICEF Siriýadaky, Yrakdaky, Liwiýadaky, Palestinanyň territoriýalaryndaky, Sudandaky we Ýemendäki mekdeplere 214 hüjümiň edilendigini hasaba aldy.

XS
SM
MD
LG