Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda uly harby parad geçirilýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Hytaýyň prezidenti Si Jingping. 3-nji sentýabr, 2015 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Hytaýyň prezidenti Si Jingping. 3-nji sentýabr, 2015 ý.

Hytaý “Tiananmen” meýdançasynda II Jahan urşunda Ýaponiýany ýeňmegini uly harby parad bilen belledi.

3-nji sentýabrda Hytaýyň ýokary derejeli resmileriniň we daşary ýurt liderleriniň, şol sanda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň aralarynda durup çykyş eden hytaý prezidenti Si Jingping: “Hytaý hiç haçan ýolbaşçy bolmaga ýa-da [öz territoriýasyny] giňeltmäge synanyşmady” diýdi.

Şeýle-de, Si “Hytaýyň Milli azat ediş armiýasyndan” 300 müň işgäriň wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy. Emma ol bu çäräniň haçan amala aşyryljakdygy barada takyk maglumat bermedi.

“Hytaýyň Milli azat ediş armiýasynyň” 2,3 million agzasy bolup, ol häzire çenli dünýäniň iň uly armiýasydyr. Şeýle-de, Hytaý özüniň goranmak pudagyna goýberýän býujetiniň möçberi boýunça dünýäde Birleşen Ştatlardan soň ikinji orunda durýar.

XS
SM
MD
LG