Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Samsung' akylly sagatlaryny köpçülige tanatdy


“Samsung” kompaniýasy köp wagtdan bäri gürrüňi edilýän “Gear S2” we “Gear S2 Classic” kysymly akylly sagatlarynyň täze görnüşlerini köpçülige tanatdy.

Tegelek we ýumşak dizaýn şekline eýe bolan bu iki sagat biri-birinden ulanyş maksatlaryna görä tapawutlanýarlar. “Gear S2” kysymly sagadyň rezinden edilen bagy bolup, ol esasanda sport bilen meşgullanýanlar üçin göz öňünde tutylandyr. “Gear S2 Klassik” kysymly sagadyň bolsa deriden ýasalan bagy bolup, ol gündelik durmuş üçin niýetlenendir.

Akylly sagatlaryň tehniki aýratynlyklary nähili?

Täze “Samsung Gear” akylly sagatlary 1,2 dýumlyk Super “AMOLED” ekrana eýedir. 1 GHz prosessory (işleýjisi) bolan “Gear 2” bilen “Gear 2 Klassik” kysymly akylly sagatlaryň 512 MB RAM-y, 4 GB ätiýaçlyk diski bar.

Täze enjamlar owalkylar ýaly “Tizen” platformasynda taýýarlanypdyr we “Samsung-yň” "Gear app" programmasyna utgaşyklydyr.

Ýogunlygy 11,4 mm bolan akylly sagatlaryň 250 “mAh” batareýalarynyň güýjüniň 2-3 güne ýetip biljekdigi çak edilýär.

3G aýratynlykly görnüşi has ýogyn

Akylly sagatlaryň “3G” habarlaşma ulgamyna utgaşykly görnüşi hem halk köpçüligine hödürlener. “3G” aýratynlygy bolan sagadyň ýogynlygy adaty görnüşden 2 mm ýogyndyr. Munuň sebäbi bolsa sagada dakylan has güýçli batareýa bilen baglanyşykldyr. “3G” aýratynlygy bolan sagada 300 “mAh” güýjündäki batareýa dakylypdyr.

"Gear S2" akylly sagatlaryň satuwa çykjak wagty we bahasy barada häzirlikçe mälim berilmeýär.

XS
SM
MD
LG