Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa migrant krizisini maslahat edýär


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Brýusselde geçirilýän ýygnaga gatnaşýar. 4-nji sentýabr, 2015 ý.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Brýusselde geçirilýän ýygnaga gatnaşýar. 4-nji sentýabr, 2015 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri migrant krizisini maslahatlaşmak üçin 4-nji sentýabrda Lýuksemburgda duşuşýarlar. Şol bir wagtda Wyşegrad toparyna agza ýurtlaryň premýer-ministrleri hem bu meseläni Pragada geçirilýän adatdan daşary sammitde maslahat edýärler.

Bu duşuşyklar Wengriýanyň demirýol stansiýasynda ýurduň polisiýasy bilen azyndan 200 migrantyň arasyndaky dartgynlylyklar dowam edýän mahaly geçirilýär.

3-nji sentýabrda Budapeştiň häkimiýetleri Awstriýanyň araçäklerine aralaşmagy umyt edýän migrantlaryň otlulara münmegine rugsat berdiler, emma soňra olary bosgunlar lagerine ýerleşdirmäge synanyşdylar.

Şu ýyl Ýakyn Gündogardan we Afrikadan gelen 350 müňden gowrak adam Ýewropa aralaşmak üçin Ortaýer deňzinden geçdi.

XS
SM
MD
LG