Sepleriň elýeterliligi

Täjik hüjüminde on adam öldi


Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda bolan hüjümden soň, howpsuzlyk güýçleri derňewleri geçirýär. 4-nji sentýabr, 2015 ý.

Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda bolan hüjümden soň, howpsuzlyk güýçleri derňewleri geçirýär. 4-nji sentýabr, 2015 ý.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň golaýynda bolan aýry-aýrylykdaky iki hüjümde on adamyň ölendigi habar berilýär.

4-nji sentýabrda Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda bolan bir hüjümde Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň (OMON) iki agzasy we bir polisiýa ofiseri heläk boldy. Şeýle-de, ýene bir polisiýa ofiseriniň keselhana ýerleşdirilendigi bellenilýär.

Täjigistanyň polisiýasy Duşenbäniň Karategin sebitini gabawa alyp, öýme-öý aýlanyp üç hüjümçini gözleýär.

Şeýle-de, mundan birnäçe sagat ozal, ýaragly topar Duşenbäniň 20 kilometr gündogarynda ýerleşýän Wahdat etrapçasyndaky polisiýa merkezine hüjüm etdi.

Täjik Içeri işler ministrligi hüjümçilere Ziýowiddin Abdullaýew atly şahsyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdýar.

Ministrligiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, çaknyşyklarda bäş polisiýa ofiseri, Abdullaýew we onuň bir adamy öldürilipdir.

Täjik polisiýasy bu iki hüjümiň arasynda arabaglanyşygyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG