Sepleriň elýeterliligi

Ok atyşykda ermeni esgeri öldi


Ermenistan azeri we ermeni serhedinde bolan soňky çaknyşyklarda Azerbaýjanyň harby güýçleriniň bir ermeni esgerini öldürendigini aýdýar.

Azerbaýjandaky etniki ermeni enklawy Daglyk-Garabag regiony sebäpli Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda eýýäm ençeme ýyl bäri dartgynly gatnaşyklar dowam edýär.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Artsrun Howhannisýanyň aýtmagyna görä, 3-nji sentýabrda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky serhedinden azeri güýçleriniň ot açmagy netijesinde 40 ýaşly ermeni harby gullukçysy Aik Tewonian heläk bolupdyr.

Şeýle-de, Howhannisýan Azerbaýjany ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy soňky birnäçe günüň dowamynda ençeme gezek bozanlykda aýyplady.

XS
SM
MD
LG