Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk parlamenti mandatyň möhletini uzatmakçy


Türkiýäniň parlamenti ýurduň harbylarynyň Siriýadaky hem-de Yrakdaky yslamçy we kürt söweşijilere garşy göreşmäge mümkinçilik berýän mandatyň möhletini ýene bir ýyla çenli uzatmak barada ses berdi.

3-nji sentýabrda türk parlamenti häzirki mandaty maslahat etmek üçin adatdan daşary ýygnagy geçirdi. Häzirki mandatyň möhleti 2-nji oktýabrda tamamlanýar.

Şeýle-de, bu mandat Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň Siriýada we Yrakda harby çäreleri geçirmegine we daşary ýurt güýçleriniň “Yslam döwleti” atly toparyna garşy operasiýalary geçirmek üçin türk territoriýasyny tranzit maksatlar üçin ulanmagyna mümkinçilik berýär.

XS
SM
MD
LG