Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Adalat ýok, hak ýok, bilim-terbiýe ýok"


Türkmenabat, Migrasiýa gullugynyň öňündäki nobat.

Türkmenabat, Migrasiýa gullugynyň öňündäki nobat.

Azatlyk radiosynyň sosial ulgamlarda "Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň aeroportdaky işgärleriniň işine nähili baha berýärsiňiz, migrasiýa işgärleriniň ýurt raýatlaryna çemeleşişi sizde nähili täsir galdyrdy?" diýen sorag bilen açan forumy okyjylarymyzyň "derdini" gozgady diýsek-de, ulaltma bolmasa gerek.

Aýdaly, Ejegül Atdaýewa atly okyjymyz «bilmeýärin, emma hemme kişi şikaýatçy» diýýär. Ýöne bu diýilýän şikaýatçylygyň, nägileligiň sebäbini açyk aýdýanlar hem az däl.

Om Amir atly okyjymyz bu ýerde meseläniň «tupoý, ýagny bisowat we parahor» işgärler bilen baglydygyny aýdýar. Azat Kadyr bolsa, «Gözi aç hemmesiniň, «agam, muny geçirmek gadagan» diýip, özlerine alýarlar» diýip ýazýar.

Özüne Jon Muro diýip at beren okyjymyz «şu sebäpden ýurda gidip-gelmänime 10 ýyl boldy» diýse, Roza Haýrullaýewa türkmen migrasiýa işgärleriniň «hormat-sylagynyň ýokdugyny, ýolagçylar bilen kadaly gepleşmeýändiklerini» aýdýar.

"Daşary ýurtda är bar-da, Türkmenistanda ýokmy?"

Nergiz Türk atly okyjymyz hem bu pikiri goldaýar we «migrasiýada işleýänler hakykatdanam terbiýesiz, «diliňi unutdyňmy, türkmençe gepleş» diýip, üstüňe heňkirýärler, migrasiýa işgäriniň adamyň şahsy durmuşyna gatyşmaga haky ýok, olar adamlar bilen mylaýym gepleşmegi öwrenmeli» diýýär.

Rodion Aglýamow Türkmenistanyň aeroportdaky migrasiýa işgärlerini «aýal-gazlaryň daşary ýurtlarda durmuşa çykyp-çykmanyny» barlaýan adamlar atlandyrýar, ýagny olar «Daşary ýurtda är bar-da, Türkmenistanda ýokmy?» diýýän işgärler, bularyň ýerlerini Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň işgärleriniň ýerleri bilen çalşyrmaly» diýip ýazýar.

Murat Ateş atly okyjymyz «olaryň hiç zat diýmäge haky ýok, ýöne biziň halkymyz gorkak bolansoň, hiç kim hiç zat diýip bilmeýär, şonuň üçin olar arkaýyn bolup, edenini edýär» diýen pikiri orta atýar.

Foruma goşulan okyjylaryň käbiri migrasiýa gullugynyň işgärleriniň iş medeniýetini Türkmenistanda giň ýaýrandygy aýdylýan parahorluk, haram pul gazanmak «medeniýeti» bilen baglanyşdyrýar.

Para-peşgeş aýrylmasa...

Hususan-da Sülgün Joraýewa, Intizar Bazarow, Jennet Aknur ýaly okyjylarymyz «para meselesine» jan ýandyrýar. Mysal üçin, Jennet Aknur «şu ortalykda para-peşgeş, rüşwet diýen bela bar, şol gyran degen aýrylmasa, hiç wagt düzelmeris» diýýär. Maýsa Ömer Ewiş «Adalat ýok, hak ýok, bilim-terbiýe ýok, şu sebäpden şeýle bolýar» diýýär.

Maksat Ýazymow hem Maýsanyň pikirini goldaýar, ýagny ol migrasiýa işgärleri «hondan bärsi, özlerine nämedir öýdýärler, şu ýaşyňa çenli näçe kitap okadyň diýip sorasaň, gürläbem bilmezler" diýýär.

Mila Hatami «olarda halkara immigrasiýa sistemasynyň nämedigi barada hiç bir düşünje ýok» diýýär.

Ýöne okyjylaryň arasynda bu problemalaryň çözgüdini hakyky ýagdaýy hökümet baştutanyna ýetirmekde, düşündirmekde görýänler hem bar. Mysal üçin, Gülnäz Allanazarowa «Azatlyk, bu zatlary halk bilýär, jany ýanyp, çekip ýör, sen köp bilýän bolsaň, bu ýazylanlary prezidente okat» diýýär.

"Ülkämi örän söýýärin"

Foruma goşulanlaryň köpüsi migrasiýa işgärleriniň gödekliginden, özlerini äsgermezlik etmeginden şikaýat etse, ikinji tarapdan, hiç bir kynçylyk görmändigini aýdýanlar hem bar.

Newa Sultan «men hiç bir problema ýaşamadym» diýse, Nigara Öwezowa 6 gezek gidip-gelendigini, emma hiç bir kynçylyk çekmändigini aýdýar. Halyda Rozyýewa hem bu pikirleri goldaýar we «özüňde hemme zat düzüw bolsa, birem kemçilik ýok, migrasiýa gullugynyňam kemi ýok, biziňkileri şeýtmeseň, baş berenoklar» diýýär.

Şaira Astanowa ýaly migrasiýa işgärlerini «alladan gorkmazlykda» aýyplaýanlar-da, Jahanna Jahanowna ýaly meseläni halk medeniýetinde görýänler-de bar.

«Medeniýet gaty uzakda. Eger daýzalar gykda-wak edip gürleýän bolsa, medeni hereket etmeýän bolsa, bu kimiň kemçiligi? Jogaby bilim, terbiýe» diýip, Jahanna aýdýar.

Nergiz Türk atly okyjymyz «ülkämi örän söýýärin, ýylda bir gezek dynç alşa, garyndaşlarymy görmäge gidýärin, emma migrasiýanyň samsyk soraglary sebäpli yzyma gidibilerinmi diýip, juda alada galýaryn» diýýär. Şeýle-de ol migrasiýa işgärleriniň hemme kişä gyradeň müňkürlik etmän, abraýly okap, işläp ýören adamlara hormat goýmagyny isleýändigini, şeýle adamlaryň bolsa köpdügini ýaňzydýar.

Elbetde, bu pikirler Azatlyk radiosynyň okyjylaryna degişli we hiç bir jähtden Azatlyk radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG