Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda Yslamçy partiýanyň soňy


Muhiddin Kabiri, Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň lideri metbugat ýygnagyna gatnaşýar. Duşenbe, 1-nji mart, 2010 ý.

Muhiddin Kabiri, Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň lideri metbugat ýygnagyna gatnaşýar. Duşenbe, 1-nji mart, 2010 ý.

Merkezi Aziýada resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk Yslam partiýasy häzir taryha öwrüldi. Täjigistanyň Adalat ministligi 28-nji awgustda çykyş edip, Täjigistanyň Yslamçy Gaýtadan Döreýiş partiýasynyň bikanundygyny mälim etdi.

Resmiler bu çärä sebäp hökmünde, partiýanyň ýeterlik agza sanynyň ýokdugyny öňe sürdüler. Şol bir wagtda ýerli häkimiýetler gürrüňi gidýän partiýanyň agzalarynyň sanyny kemeltmek ugrunda hem elinde baryny aýaman gelýärler.

Şunlukda, resmileriň haýsy sebäplere esaslanyp bu netijä gelendigi çözülmedik sorag bolup galýar. Ýöne, bir zat bolsa, anyk – bu Täjigistanyň ýüzbe-ýüz boljak meseleleriniň ýene biri diýmekdir. Sebäbi Duşenbe onsuz hem dürli kynçylyklar, şol sanda dini radikalizm bilen göreş alyp barýar.

Bu gepleşik 3-nji sentýabrda geçirildi, emma 4-nji sentýabrda paýtagt Duşenbede bolan iki aýry çaknyşyklarda 8-i howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri, jemi 10 adam heläk boldy. Nobatdaky hepdelik mejlisde Yslamçy partiýanyň gadagan edilmeginiň täsirleri hakda gürrüň edilýär.

Programmanyň myhmanlary:

Muhiuddin Kurban :- Negah-i-Tajikistan gazetiniň baş redaktory

Edward Lemon :- Exter Uniwersitetiniň Täjigistan boýunça barlagçysy;

Bruce Pannier :- Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy “Kişlok ovoziniň” redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Programmany diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG