Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Hüjümlerde 17 adam öldi


Abduhalim Nazarow (Hoji Halim), Goranmak ministrliginiň polkownigi, 16-njy ýanwar, 2013 ý.

Abduhalim Nazarow (Hoji Halim), Goranmak ministrliginiň polkownigi, 16-njy ýanwar, 2013 ý.

Täjik resmileri 4-nji sentýabr güni irden paýtagt Duşenbäniň töwereklerinde bolan hüjümlerde polisiýanyň sekiz ofiseriniň öldürilendigini aýdýarlar. Hökümet bu hüjümleri ýurduň goranmak ministriniň orunbasaryndan görýär.

Içeri işler ministrliginiň websaýtynda goranmak ministriniň orunbasary, Hoji Halim diýip tanalýan Abduhalim Nazarzodanyň ýolbaşçylygyndaky «terrorçy topar» Wahdat etrabynda daňdanlar polisiýa bölümine hüjüm etdi, biraz soň bolsa Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy diýilýär.

Polisiýa howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dokuz hüjümçiniň öldürilendigini, altysynyň bolsa tussag edilendigini aýdýar. Şeýle-de häkimiýetler, wakanyň bolan ýerinden gaçyp gutulan Nazarzodany tutmak üçin, gözleg operasiýasynyň dowam edýändigini habar berýärler.

Hoji Halim (Abduhalim Nazarzoda), Täjigistanyň goranmak ministriniň orunbasary (çep tarapdan, sagdan üçünji ).

Hoji Halim (Abduhalim Nazarzoda), Täjigistanyň goranmak ministriniň orunbasary (çep tarapdan, sagdan üçünji ).

Prezident Emomali Rahmon 4-nji sentýabrda Nazarzodany «jenaýat edenligi üçin» işden boşatdy.

Yslamçy oppozisiýanyň ozalky komandiri, golaýda gadagan edilen Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň agzasy bolan Nazarzoda howpsuzlyk güýçlerine 1997-nji ýylyň iýunynda goşuldy. Şonda hökümet we oppozisiýa bäş ýyl dowam eden raýat urşuny soňlamak üçin parahatçylyk ylalaşygyna gol çekipdi.

Içeri işler ministrligi Wahdatda, Duşenbäniň gündogarynda bolan hüjüm 23 ýaşly student Umar Bobojanowyň ýenjilmegi bilen baglanaşykly däl diýýär.

Aýdylmagyna görä, Bobojanow polisiýa tarapyndan erbet ýenjilip, ýerli hassahanada huşuna gelmän ýatyr. Garyndaşlary we dostlary onuň sakgaly üçin nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Bobojanowyň işi Wahdatda gahar-gazap döretdi.

ABŞ-nyň Duşenbedäki ilçihanasy bu çaknyşyklaryň näderejede täsir döretjegi düşnüksiz, emma ol başga zorlukly wakalaryň başlangyjy bolup biler diýdi. Ilçihana öz işgärlerine daşary çykmazlygy we çagalaryny mekdebe ibermezligi maslahat berdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG