Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen metbugaty 'üýtgedip gurulmaly'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň habar beriş serişdeleriniň işini doly üýtgedip gurmalydygyny aýdýar.

Türkmen lideri anna güni geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa ýüzlenip, ýurduň metbugatyny üýtgedip gurmak işine ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan başlamalydygyny aýtdy.

Şeýle-de prezident habarlary taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryna geçmelidigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow mundanam ozalam türkmen metbugatyny kän tankyt edipdi. Emma ol indi bu ulgamda paýdarlar görnüşindäki kärhanalary döretmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini aýdyp, bu ugurda teklipleriň taýýarlanmagyny tabşyrdy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýokdugyny, habar serişdeleriniň doly döwlet kontrollugynda saklanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG