Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Haj zyýaratçylary kesgitlendi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni ýurtda şu ýylyň Gurban baýramyny bellemek we döwlet uçarynda haj zyýaratyny amala aşyrmaga iberilmeli adamlar baradaky kararlara gol çekdi.

Hökümet başlygynyň kararyna görä, şu ýylyň Gurban baýramy 24-25-26-njy sentýabrda bellenilmeli we bu günler iş günleri däl diýip yglan edilmeli.

Şeýle-de bu ýyl, prezidentiň karary boýunça, «Türkmenhowaýollarynyň» hasabyna, 188 dindar 8-28-nji sentýabr aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany patyşalygyna zyýarata iberiler.

XS
SM
MD
LG