Sepleriň elýeterliligi

Daşkent metjidiniň ýanynda bomba ýaryldy


Özbegistanyň paýtagtynda, Tohtaboý metjidiniň golaýynda bomba ýaryldy. Bu ýerde bir gapma-garşylykly ymam baş ruhany bolupdy.

4-nji sentýabrdaky partlama anna namazynyň yz ýanyndan boldy. Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyndan telefon edilende, polisiýa bu partlamanyň bolandygyny tassyk etdi we onuň awtobus duralgasynda goýlup gidilen ýasama partlaýjy bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de polisiýa partlamada hiç kimiň ýaralanmandygyny, partlaýjyny goýan adamyň gözlenýändigini aýtdy.

Şaýatlar ol adamyň partlaýjyny goýup, gaçyp gidendigini aýdypdyrlar.

XS
SM
MD
LG