Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda saýlaw kampaniýasy başlandy


Gyrgyzystanda, resmi suratda, parlament saýlawlarynyň kampaniýasy başlandy.

Bu saýlawlarda parlamentiň ýokary geňeşindäki 120 orun üçin 14 sany sany syýasy partiýanyň arasynda bäsleşik bolar.

Merkezi Saýlaw komissiýasy gyrgyz kanunçylygynyň 4-nji oktýabrda geçjek saýlawlar üçin kampaniýanyň resmi taýdan anyk bir aý öňüňden başlanmagyna ygtyýar berýändigini aýtdy.

Komissiýa bu saýlawa gatnaşmak üçin jemi 34 syýasy partiýanyň arza berendigini, olaryň ýigrimi sanysynyň talaby ödemändigini, şol sanda saýlawa gatnaşmak hasabyna goşulmak üçin tölemeli 77 müň dollar çemesi tölegi töläp bilmändiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG