Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat gümrük paçlaryny ýokarlandyrýar


Türkmenistan 1-nji oktýabrdan käbir harytlaryň gümrük paçlaryny ýokarlandyrýandygyny aýdýar.

Ýerli metbugat ýurda getirilýän azyk harytlarynyň käbir görnüşlerinden alynýan gümrük paçlarynyň gelýän aýyň başyndan ýokarlandyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän käbir harytlaryň gümrük paçlaryny ýokarlandyrmak baradaky karara prezident G.Berdimuhamedow anna güni gol çekipdir.

Bu kararda gümrük pajy ýokarlandyrylýan harytlaryň sanawy, pajyň möçberi tassyklanylýar.

Gümrük pajy ýokarlandyrylan harytlaryň arasynda azyk önümleri, şol sanda kolbasalar, miwe-gök önümleri, miwe şireleri we alkogolsyz içgiler bar.

XS
SM
MD
LG