Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Romitde operasiýa geçirilýär


Tajikistan -- Hoji Halim (Abduhalim Nazarzoda), deputy minister of defend of Tajikistan (from left side, third from right), 5Sep2015
Tajikistan -- Hoji Halim (Abduhalim Nazarzoda), deputy minister of defend of Tajikistan (from left side, third from right), 5Sep2015

Täjigistanyň polisiýasy howpsuzlyk güýçleriniň ozalky goranmak resmisiniň we onuň goldawçylarynyň gizlenen ýeriniň daşyny gabandygyny aýdýar. Içeri işler ministrligi 5-nji sentýabrda Abduhalim Nazarzodany «ele salmak we bitaraplaşdyrmak» üçin operasiýa geçirilýändigini aýtdy.

Bu operasiýa Duşenbeden 150 km gündogardaky Romit jülgesinde amala aşyrylýar.

Häkimiýetler Nazarzodany 4-nji sentýabrdaky ýaragly hüjümlerde we çaknyşyklarda günäleýärler, Duşenbede we Wahdatda bolan hadysalarda 9 polisiýa ofiseri öldürildi, 6-sy bolsa ýaralandy.

Polisiýa howpsuzlyk güýçleriniň «terror toparynyň» 13 agzasyny öldürendigini, 32 agzasyny bolsa tussag edendigini aýdýar.

Nazarzadonyň 43 ýaşly dogany Mirzohaýot Nazarow, aýdylmagyna görä topar agzasy, Romitde meýletin özüni hökümet güýçlerine tabşyrypdyr.

Polisiýa goranmak ministriniň orunbasary we yslamçy oppozisiýanyň ozalky komandiri Nazarzoda we onuň 7-8 ýoldaşyna ýesir düşmek ultimatumynyň berlendigini aýdýar.

5-nji sentýabrda irden polisiýa resmileri Romit jülgesine 150 sany goşmaça esgeriň ýerleşdirilendigini aýtdy.

Azatlygyň habarçylary ol ýerde üç sany harby dikuçaryň uçup ýörendigini habar berdiler.

Prezident Emamoli Rahmon 4-nji sentýabrdaky hüjümlerden birnäçe sagat soň Nazarzodany, «jenaýat edenligi üçin", işden boşatdy.

XS
SM
MD
LG