Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Türkmen ýaşlary özlerini kämilleşdirýär


Kerkuk welaýat geňeşiniň Türkmen bölüminiň sözçüsi Ali Mahdi (ortada) Tal Afardan gaçan türkmenler bilen duşuşyk mahalynda. 16-njy iýul, 2014 ý.

Kerkuk welaýat geňeşiniň Türkmen bölüminiň sözçüsi Ali Mahdi (ortada) Tal Afardan gaçan türkmenler bilen duşuşyk mahalynda. 16-njy iýul, 2014 ý.

Golaýda yrakly türkmenleriň ýaş, öňdebaryjy wekilleriniň onlarçasy Ankara, Türkiýäniň paýtagtyna kämilleşdiriş we liderlik okuwyna geldi.

Olar Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy Döwlet Baýhan bilen söhbetdeşlikde Yrakda ýaşaýan türkmenleriň bir umumy maksada gönükdirilmegi üçin dünýäniň liderlik tejribelerini öwrenmek isländiklerini, ýagny şeýle tejribelere zerurlyk duýýandyklaryny gürrüň berdiler.

Şeýlelikde, Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» programmasynyň nobatdaky sany, Şahin Türkmenogly, Aly Huseýin, Myrat Türkmen ýaly ýaş türkmen liderleri bilen söhbetdeşlik esasynda, yrakly türkmenleriň häzirki zaman şertlerinde özlerini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryna bagyşlandy.

Programmany diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň we öz pikirleriňiz, teklipleriňiz bilen söhbetdeşlige goşulyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG