Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: gaçgagyň gözlegi dowam edýär


Prezident Emomali Rahmon Wahdatda hüjüm edenleriň "kanun öňünde hökman jogap berjegini" aýtdy. 6-njy sentýabr, 2015 ý.

Prezident Emomali Rahmon Wahdatda hüjüm edenleriň "kanun öňünde hökman jogap berjegini" aýtdy. 6-njy sentýabr, 2015 ý.

Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri 6-njy sentýabr güni irden hem gaçgak harbyny we onuň hemşerilerini gözlemegi dowam etdirdiler.

Olar iki gün ozal Duşenbäniň töwereginde bolan çakynyşyklar sebäpli gözlenilýär we bu çaknyşyklarda 22 adam, şol sanda 9 polisiýa ofiseri we 13 jeňçi öldürildi.

Goranmak ministriniň ozalky orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň gözlegi Romit jülgesiniň golaýyndaky daglyga gönükdi, bu daglyk Duşenbeden 150 km çemesi gündogarda ýerleşýär.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Nazarzodanyň we oňa eýerijileriň, 4-nji sentýabrda bir arsenala we polisiýa stansiýasyna eden ganly hüjümlerinden soň, Romit jülgesine tarap gaçandyklaryny aýdýar.

Prezident Emomaly Rahmon 6-njy sentýabrda polisiýa edilen hüjümleriň «Yslam döwleti» atly jeňçi topar bilen pikirdeş we özüniň Merkezi Aziýadaky döwlet dolandyryşyny gowşatmak isleýän jeňçiler tarapyndan gurnalandygyny aýtdy.

Ol Wahdatda, paýtagtyň golaýyndaky polisiýa bölümine hüjüm edilen etrapda çykyp gürledi.

Ol bu hüjümi amala aşyranlary «ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak isleýän ýaman niýetli terrorçylar» hökmünde häsiýetlendirdi.

Rahmon pitneçileriň «Yslam döwleti» toparynyň maksatlaryna çalymdaş maksatlardan ugur alýandygyny hem sözüne goşdy.

Hökümetiň maglumatlaryna görä, «Yslam döwleti» toparyna 500-den gowrak täjik goşuldy. Rahmon olaryň 46-synyň Wahdatdandygyny, 11-siniň Siriýada we Yrakda öldürilendigini aýtdy.

Içeri işler ministrligi 6-njy sentýabrda Goranmak ministrliginiň iki sany ofiseriniň, hüjümler bilen ilteşiklilikde güman edilip, tussag edilendigini aýtdy.

Beýanatda ol iki ofiseriň "planlaşdyrylýan hüjümler barada habar berip, olaryň öňüni almak mümkinçiliginiň bolandygy" aýdylýar, "emma olaryň hereket etmezligi we jenaýatçylar bilen ilteşikliligi bolmagy durnuksyzlyga we adam ölümine alyp geldi" diýilýär.

Täjigistantň IIM-i 6-njy sentýabrda Abduhalim Nazarzodanyň toparynyň agzalarynyň her aýda 100 dollar, şeýle-de azyk önümlerini alyp gelendigini habar berdi.

Ministrlik 5-nji sentbýarda Nazarzoda eýerijileriň 32 sanysynyň tussag edilendigini aýdypdy.

Polsiýa terror guramasy diýlip hasap edilýän topardan 500-den gowrak ýaragyň, ok-däriniň, birnäçe maşynyň tutulyp alnandygyny aýdýar.

Häkimiýetler Nazarzodany yslamçy jeňçileriň tarapyny tutmakda aýypladylar we onuň ýany bilen 130 çemesi goldawçysynyň hem gaçandygyny aýdýarlar.

Emma Içeri işler ministrligi 5-nji sentýabrda yslamçy oppozisiýanyň ozalky komandiriniň ýanynda bary-ýogy ýedi ýa sekiz goldawçysynyň galandygyny aýtdy.

Polisiýa resmileri 5-nji sentýabr güni irden Romit jülgesine, Nazarzodany tutmak üçin, 150 esgeriň iberilendigini aýtdylar.

Abduhalim Nazarzoda

Abduhalim Nazarzoda

Nazarzoda Birleşen Täjik oppozisiýasynyň (BTO), demokratik, milletçi we yslamçy güýçleriň ýaranlygynyň ozalky agzasy bolup, 1990-njy ýyllarda Täjigistanda bolan raýat urşy mahalynda hökümet goşunlaryna garşy söweşdi.

Nazarzoda 1997-nji ýylda, prezident Emomaly Rahmonyň hökümeti bilen baglaşylan parahatçylyk şertnamasynyň bir bölegi bolan häkimiýet paýlaşyk ylalaşygy esasynda hökümete goşulan BTO agzalarynyň biri boldy.

Täjigistanyň golaýda gadagan edilen Yslam gaýtadan döreýiş partiýasy Nazarzodanyň yslamçy partiýanyň agzasy bolandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Gadagan edilen yslamçy partiýa 5-nji sentýabrda täjik kanunlarynyň kanun goraýjy edaralaryň we ýaragly güýçleriň işgärleriniň syýasy partiýalara goşulmagyny gadagan edýändigini aýtdy.

Bu partiýa 4-nji sentýabrdaky hüjümlere alada bildirdi we olary «kanun goraýjy gulluklaryň içerki problemalary» hökmünde häsiýetlendirdi.

Içeri işler ministrligi Wahdatdaky hüjüm bilen Duşenbäniň golaýyndaky hüjüm 23 ýaşly student Bobojanowyň ýenjilmegi bilen baglanyşykly däl diýdi. 23 ýaşly student, aýdylmagyna görä, polisiýa tarapyndan ýenjilip, 4-nji sentýabr güni giçlik Wahdat hassahanasynda, bedenine salnan ýaralardan ölüpdir.

Bobojanowyň garyndaşlary we dostlary wahdatly studentiň 28-nji awgustda, polisiýa tarapyndan, sakgaly sebäpli nyşana alnandygyny aýdýarlar.
Babojanowyň işi Wahdatda gahar-gazap döretdi we onlarça adam 31-nji awgustda hassahananyň daş işigine toplanyp, häkimiýetlerden günäkärleri tussag etmegi talap etdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG