Sepleriň elýeterliligi

Kerri Lawrowa aladasyny bildirýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 5-nji sentýabrda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen eden telefon gürrüňinde Orsýetiň Siriýa harby ýardam berýändigi baradaky habarlardan alada bildirdi.

Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylmagyna görä, Kerri Lawrowa, eger bu aýdylýanlar çyn bolsa, beýle hereketiň konflikti has-da möwjedip, bigünä adamlaryň has köp ölmegine, ýaşaýan ýerinden bosýan adamlaryň köpelmegine, Siriýada «Yslam döwleti» toparyna garşy göreşýän koalisiýa bilen gapma-garşylyk töwekgelliginiň ösmegine getirjegini aýdypdyr.

Kerri bilen Lawrow Siriýa konflikti baradaky maslahaty şu aýyň aýagynda Nýu-Ýorkda dowam etdirmek barada ylalaşyga gelipdir.

Günbatar mediasynyň habarlarynda Orsýetiň golaýda Siriýa öz harbylaryny we söweş uçarlaryny iberen bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG