Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa has kän siriýalyny kabul eder


Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot öz ýurdunyň Siriýadan has kän bosguny kabul etjegini aýtdy.

Emma Abbot 6-njy sentýabrda munuň Awstraliýanyň dünýä boýunça alýan bosgunlarynyň möçberini köpeltmejegini hem sözüne goşdy. Ol bu karara öz partiýasynyň içinden edilen basyş sebäpli geldi.

Premýer-ministr anyk san aýtmady, emma Ýakyn Gündogardaky lagerlerde ýerleşen ýanalýan azlyklardan has köp adamyň kabul ediljegini aýtdy.

Awstraliýa geçen ýyldan şu ýylyň iýulyna çenli dünýä ýurtlaryndan 13750 bosgun kabul etdi.

Olaryň 4400 sanysy Siriýadan we Yrakdan gaçan adamlardy. Jemi kabul edilýän bosgunlaryň sany 2018-nji ýyla çenli 18750-ä ýetiriler.

XS
SM
MD
LG