Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: awtoulag ýaryşynda 6 adam öldi


Ispaniýada awtoulag ýaryşynda, sürüjiniň rula erk edip bilmezligi netijesinde ýoldan çykan ýaryş maşyny alty tomaşaçyny öldürdi.

Ispaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Galisia sebitinde, Koruna bäsleşiginde ölenleriň dördüsi aýal, ikisi erkek adam.

Heläk bolan aýallaryň biri göwreli eken. Polisiýa sürüjiniň gaty uly tizlikde barýandygyny we kesgin öwrülende, maşynyň gyrada tomaşa edip duran 20 çemesi adama urlandygyny aýtdy.

Ýerli media sürüji bilen onuň ýoldaşyna zyýan ýetmändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG