Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: çaknyşyklarda 47 adam öldi


Siriýanyň Marea şäheriniň töwereginde barýan çaknyşyklarda 47 sany yslamçy söweşiji we pitneçi öldürildi diýip, aktiwistler aýdýar.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 5-nji sentýabrda çaknyşyklar netijesinde «Yslam döwleti» sünni ekstremist pitneçi toparynyň 27 agzasy öldürildi, hökümete garşy beýleki toparlaryň bolsa 20 agzasy öldürildi diýdi.

«Yslam döwleti» topary indi birnäçe aý bäri Aleppo welaýatynda siriýa pitneçileri üçin esasy bastion bolan Mareany almaga synanyşýar.

Ekstremist topar 4-nji sentýabrda Marea täze hüjüm edendigini we özüne garşy söweşýän siriýaly pitneçileriň «onlarçasyny» öldürendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG