Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti donorlara ýüzlendi


Owgan prezidenti Aşraf Gani halkara donorlaryny öz «ýaralanan ýurduna», 14 ýyl bäri «talyban» pitneçiligine garşy göreşýän Owganystana berilýän halkara goldawlaryny dowam etdirmäge çagyrdy.

Gani bu çagryşy Kabulda, 5-nji sentýabrda Günbatar ýurtlarynyň we hökümetden aýry guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän donorlar konferensiýasynda etdi.

Donorlar geçen on ýylyň dowamynda uruş zerarly tozan ýurdy gaýtadan gurmak üçin milliardlap dollar bermegi wada etdiler. Gani Owganystany gaýtadan guramagyň uzak wagtlyk tagalladygyny aýtdy.

Gani öz çykyşynda ýurtda adam hukuklarynyň, hususan-da aýallaryň hukuklarynyň goralyşyny gowulandyrmak barada işlejegini aýtdy.

Mundan öňki donorlar konferensiýasy geçen ýyl, Londonda geçirilipdi, indiki konferensiýa geljek ýyl, Brýusselde geçiriler.

XS
SM
MD
LG