Sepleriň elýeterliligi

Diýarbekir: 2 polis öldürildi


Türkiýäniň günorta-gündogarynda iki polisiýa ofiseri öldürildi, üçüsi bolsa ýaralandy.

6-njy sentýabrdaky hüjüm Türkiýäniň hökümeti iýulda kürt jeňçilerine garşy anti-terror kampaniýa başlaly bäri PPK-dan, Kürdüstan işçiler partiýasyndan güman edilýän soňky hüjümdir.

Türk howpsuzlyk güýçleri 5-nji sentýabrda Diýarbekir şäherinde, jeňçiler barrikada gurup, garym gazanlaryndan soň, PPK-ä garşy uly operasiýa başladylar.

Kürt jeňçileri olaryň maşynlaryna garşy granatomýotdan ok atyp, türk howpsuzlyk güýçleri bilen pitneçileriň arasynda agyr çaknyşyklara meçew berdiler.

Diýarbekiriň Sur etrabynyň töwereginde çaknyşyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG